Uly gürlemegiň bähbidi
Adam aýtdy:
"Ozallar bir baý ogluna sen märekede uly gürlegin, pylan baýyň ogly adyň bardyr diýse, ol toý mähellesiniň çetinden baryp, "düýe" diýipdir diýerdiler. Gülerdik. Indi o gürrüň ýadyma düşse, agym tutýar. Prezidentimiz ýa oňa diýdirýänler, bir milliard dollar bahasy bolan bir desga açylyp-açylmanka, edil şonuň ýaly ikinji desganyň gurluşygyna tender yglan etmegiň, ýa bir kärhana heniz açylmanka, onuň ikinjni nobatdakysynyň talamasyny işläp düzmegiň gürrüňini edip, uly gürlemegiň nusgasyny görkezýär. Ýogsa, gurlan we ulanmaga berlen, ýylda pylança tonna önüm öndürjek ýa millionlap girdeji getirjek diýilýän zawodyň ýa desganyň heniz näçe işlejegi belli däl, üstesine puly hem doly tölenmedik. Ertesi ýeňseleri açylsa-da azarlaryna däl, ýene we ýene uly gürleýärler. Ýa milliardlarça dollarlyk gürrüň etseň, hakykatdanam jübiň dolup, hakyky baý ogly bolýarmykaň? Biz geçen asyrlarda, düýe-torum bilen galyp, köp zady bilmeýän bolmalyň?"
21.03.19.