Iki uçudyň arasynda
Adam aýtdy:
"Sowet Soýuzynyň ýykylanyna otuz ýyl bolup barýar, emma adamlar şindem çagalaryny ors mekdebine berjek bolup başagaý, hatda munuň üçin müňläp dollar para-da berýärler. Ýolbaşçy işgärler bolsa, wezipesinden peýdalanyp, ozaly çagalaryny ors mekdebine ýerleşdirýärler. Sebäbi "türkmen mekdebine bilim ýok, ol ýerde on ýylda okap-ýazmagy öwrenmediklere hem 4-lik, 5-lik baha goýulýar" diýýärler. Ýöne munuň çykalga däldigine agzy bişen ene-atalar baryp ýetmişinji ýyllarda hem düşünýärdiler. Uniwersitetde rus edebiýatyndan leksiýa berýän professor aýalyň aýdan sözleri şu günki ýaly ýadymda. Ol bir gezek "ors mekdebinede okamadyk, orsçamyz gowy däl" diýen gyzlara ýüzlenip: "ors mekdebinde okamanyňyza gynanmaň, öz diliňizi bilýäniňize begeniň" diýdi. Soňundanam, gözüne ýaş aýlap: "Meniň çagalarym ors mekdebinde okaýar... Çagaňy özüňki däl etjek bolsaň, ors mekdebine beräýmeli eken, öýde beren ähli terbiýäň biderek" diýdi. Adamlar aljyranda ýagyşdan gaçyp, käte damja hem uçraýarlar."