Galp teselli

Adam aýtdy:

"Aziýa ýurdunda ýene bir geň ýa-da ozalky geň-taňlyklaryň başgarak görnüşde gaýtalanmasy bolup geçdi: bir döwletiň otuz ýyllyk baştutany, milliardlarça dollar ogurlap, baý ýurduň ilatyny garyp goýmakda aýyplanýan syýasatçy, belki-de saglygy ýaramazlaşyp, işden çekilýändigini yglan etdi, emma syýasatdan gitmedi. Has anygy, ozal aziýa ýurdunda hem, dünýäniň beýleki käbir ýerlerinde hem oýnalan oýny gaýtalady: özüne wepaly bir adamy ýerine belläp, onuň arkasynda esasy dolandyryjy bolup galdy. Täze bellenen prezident şol günüň ertesi esasy prezidentiň adyny ýurduň paýtagtyna dakmagy, oňa gahryman derejesini bermegi, heýkelini dikmegi teklip etdi, otuz ýyllyk prezidentiň gyzy bolsa, Senatyň başlygy boldy. Bu prezidentiň gyzynyň geljekki prezident bolmak ähtimallygyny yşarat edýärdi. Goňşy ýurtda bu habar barada telesöhbetdeşlik guran žurnalistleriň biri bu hili teklipleriň aziýa ýurdunda adaty zat ýaly kabul edilýändigini, emma öz ýurtlarynda beýle zadyň mümkin däldigini aýdyp ýylgyrdy. Ýogsa onuň öz ýurdy hem korrupsiýada hiç bir aziýa ýurdundan kem oturmaýar, üstesine şol korrupsiýa zerarly uruş turup, ençeme ýyl bäri adam öldürilýär. Adam goňşusynyň masgaraçylygyny görüp, öz agyr gününe şükür edýärmi ýa başganyň betbagtlygyny öz derdiniň berýän ejir-azabyny kemeltmek üçin ulanjak bolýar, bilmedim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024