Ýazyjy-şahyr gorkusy
Adam aýtdy:
"Arada bir kärdeşimiz aradan çykdy. Ýetmişe-de ýetip bilmedi, pahyr. Geçen asyryň ahyrlarynda edebi gazetde baş redaktor bolupdy, tankydy makalalary saklaman çap etjek bolardy. Ýazyjy-şahyrlar garşysyna birleşip, prezidente arz etdiler, içlerinde özümem bardym: "Gazet kiosklarynyň ýanyndan geçip bilemizok, ýazan zatlarymyzyň tankytlanmagyndan gorkýarys, şony redaktorlykdan aýryp, bizi aladadan dyndarsana, beýik serdar?!" diýip, haýyş etdiler. Prezident olaryň haýyşyny bitirdi, ony wezipesinden boşadyp, tankytdan gorkýan ýazyjylaryň öz diýýän adamlaryny redaktor belledi. Şondan bäri gazetde tankyt ýok. Bu dünýede maksadyna ýeten bar bolsa, ýazyjy-şahyrlar bolmaly, olar ynjalandyr diýip pikir edýärdim. Emma ynjalman ekenler. Merhumy soňky ýoluna ugradyp, öýe gelsem, ýazyjy kärdeşlerimiň ilki biri jaň etdi: "Ahyry pälinden tapyp gitdi-maý olam?" diýip, ýogalanyň adyny tutman soraýar. "Hawa, gitdi" diýip, trubkany goýdum. Biraz soň ikinji kärdeşim jaň etdi. Ol gülüp: "Bäh, öldüm-aý olam, öler öýtmeýärdim, ýene birden redaktor bolup, tankyda ýol açar öýdüp gorkýardym" diýdi. "Hawa, indi gorkma-da ýaşa" diýesim geldi. Haýp, gürrüňdeşim köp geçip, azy galan adamdy. Söz zaýalaman, trubkany goýdum."