Bahyllyk çukury

Adam aýtdy:

"Bu waka otuz ýyl mundan öň boldy, on iki ýaşymdadym. Obamyzyň gapdalyndan täze mellek ýerleri paýlanyp, goňşularymyzyň öýlenen ogullary ol ýerden jaý salnyp, göçüp gidýärdiler. Şolaryň biri jaý toýuny etdi-de, tutuş maşgala bolup, toýa bardyk. Sebäbi o wagt toýa maşgala bolup gidilýärdi, çagyrylan ýeriňe barmasaň, gaty görýärdiler. Toýa şäherden dikdurma bagşy-sazandalar hem çagyrylypdy. Täze jaýyň işiginde düşelen keçeleriň, haly-palaslaryň üstünde klýonka-saçak ýazylyp, gelen myhmanlara nahar çekilýärdi. Bize-de baran badymyza nahar äberdiler. Edil şol wagtam toý bagşylarynyň aýdym-sazyny basýan gykylyk-galmagal turdy. Hemme kişi gaňrylyp seretdi. Jaý toýuny tutýan goňşymyzyň aýal doganlarynyň biri alty-ýedi ýaşlaryndaky oglunyň elinden tutup durşuna öz guda taraplarynyň adresine gaty-gaty sözleri aýdyp, aglamjyrap gygyrýardy. Ylgaşyp baryp, ony höre-köşe bilen susdurdylar we soňundan edil biziň arkamyzda oturtdylar. Derrew gyzyň ejesi geldi. Ejesine aglamjyrap beren gürrüňine görä, galmagala guda tarap, olaryň bir çüýşe limonady "gysganmagy" sebäp bolupdyr. Guda tarap hem şol obanyň adamlarydy, goňşymyz toýda öz aýalynyň erkek doganyny "skladçy" belläpdi, ol nahar çekilen adamlara aýlanyp, kime arak, kime kola ýa limonad-beýleki gerek, egni torbaly paýlap ýördi. Öýkeledilen goňşymyzyň pikiriçe, ol gyz tarapynyň garyndaşlaryna näçe diýse limonad berip, oglan tarapynyň garyndaşlaryndan, hatda onuň aýal doganynyň oguljygyndan hem öz toýlaryna alnan limonady gysganypdyr. Kakam meniň bu gürrüňi biygtyýar diňläp oturanymy görüp, ilki sag gözüni gyrpdy, soň çalaja başyny ýaýkady. Şol wagtam çyralar öçdi-de, ümsümlik boldy, sebäbi ses gataldyjylaryň arkasyndan bagşy bolanlaryň sesi kesildi. Öýkeli goňşymyz haşlap uludan demini aldy-da: "Gowy boldy-da, çyralary hem öçdi!" diýdi. Tomsuň günüdi, emma bu sözler meni içimden üşeden ýaly boldy. Soň-soňlar, ýurt talaňa salnyp, millet garyp düşdügiçe, neşekeşlik, işsizlik artdygyça, jaýy ýykylýanlar... köpeldigiçe, bu ýagdaýdan özüne teselli gözleýän adamlar hem köpelen ýaly boldy. Hususan-da adamlar ýokary wezipelerde işläp, soň masgaralanyp işden kowulýan, sürgün edilýän ýa türmä basylýan adamlaryň düşen gününe köp begenýän ýalydylar. Olaryň käbiri "Haý, boldy-da, hudaý bar eken!" diýip, begenjini köplükde hem daşyna çykarýardy. Ilkiler muňa kän üns bermezdim, sebäbi adamlar aldanýar, olara ýalany adalat diýip, owadan kagyza dolap satýarlar, bu ýerde adamlar däl, döwlet günäkär diýerdim. Emma soňky ýyllarda başgalaryň "çyrasynyň öçenine" begenýän adamlar öz şatlyklaryny ol ýa-da beýleki görnüşde ýüze çykaranlarynda, ýeňse tarapymdan şol goňşymyzyň begençli haşşyldysyny eşiden ýaly bolup, içimden tisginenimi duýman galýaryn. Sebäbi meni gorkuzýan adamlar köplenç obada çagasyna limonad berilmedik bisowat gelinden kän sowatly, köpi gören, milli bahyllyk çukurynyň hiç kimi aýap goýmajagyna düşünmeli adamlardy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024