Özboluşly demokratiýa
Adam aýtdy:
"Wagt geçer, on-ýigrimi ýyldan bu birpartiýalylyk, ikiýüzlülik, ogurlyk azalar, daşary ýurtlarda bilim alan, başga medeniýetleri gören ýaşlar köpeler, durmuş üýtgär, gowulaşar diýip, inçejik umydym bardy. Emma daşary ýurtlarda bilim alanlaryň hem aglaba köplügi ikiýüzli adamlaryň ogul-gyzlary ýa şolar ýaly bolmak isleýänleriň çagalary bolup çykdy. Indi bu golaýlarda hiç bir üýtgeşiklige umydym ýok. Biziň öz milli aýratynlyklarymyza daýanýan demokratiýamyz entejik saklanjaga meňzeýär. Onuň garşydaşy juda az, tarapdarlary örän kän görünýär."