Öňdengörüjilik
Adam aýtdy:
"Gideniň yzyndan, gara güni ýa mal-dünýe, galp şöhrat üçin her hili peslik edenem bolsa, göni gürrüň etseň, edepsizlik hasaplaýarlar. Emma gürrüň etmeseň, dirilikde edeni az ýaly, onuň erbetligini ýene il-günüň üstüne atýarlar, ýagny köçä ýa oba-şähere, mekdebe-ýenä adyny dakyp, iline kast edeniň adyny ebedileşdirýärler. Bu ony gowy görüp ýa sylap edilýän iş däl, eýsem onuň meslekdeşleriniň sepiniň açylmazlygy, diýmek, eden-etdilikleriň arkaýyn dowam etdirilmegi üçin edilýän iş."