Şyltakçynyň ynanjy

Adam aýtdy:

"Bikär bolsaň, hiç iş edip bilmeseň, bilim-sowadyň, başarnygyň bolmasa hem bir iş edip bolýar: iş edýäne ýa etjek bolýana şyltak ataýmaly. Işli adamlar her bir şyltakça, juda degnalaryna degilmese, baş galdyryp durmaýarlar. Sebäbi olaryň muňa kän wagty bolmaýar. Bu ýagdaý şyltakçylygy, belli derejede aňsat, howp-hatarsyz işe öwürýär. Öňýeten şyltakçy bilen dawalaşyp ýören adamyň bolsa, eýýäm işine eli degmeýär. Ol onsoň elinden iş gelmeýän bikär bilen deňleşýär, ýagny şyltakçyny maksadyna ýetirýär. Emma bu maksada ýetip bilmedik şyltakçy hem ruhdan düşmeýär, ol haýata zyňlan her bir hapanyň ýelmeşmegi hökman däl, yzy galsa-da ýeterlik, şonda-da haýat öňküsi ýaly arassa görünmeýär diýip pikir edýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024