Özüňdäki narsisist
Adam aýtdy:
"Arada bir rus kärdeşimiň ýanynda Gukgadan zeýrendim, narsisist, bizi dünýä masgara edýär diýdim. Ol ýylgyrdy-da, bu meselä biraz başga tarapdan hem seredip görmegi maslahat berdi. "Meselem, men näderejede Gukga, meniň töweregimdäki adamlar, dogan-gardaş, dost-ýar, kärdeşler näderejede narsisist diýip sora. Özüňdäki we beýleki adamlardaky Gukgany, entek kiçijik hem bolsa, görjek, tanajak bol. Şonda Gukga kän gaharyň gelmez, özüňdäki Gukgany terbiýelejek bolarsyň" diýdi. Meniň ýüzümiň boz-ýaz bolanyny, özümiň Gukga deňelenimi gaty görenimi bilip, kärdeşim güldi. "Gaty görme, meniňem öň Dima, Wowa gaharym gelerdi. Emma özümdäki, beýleki adamlardaky kiçijik Dimalary we Wowalary görüp, saýgaryp başlalym bäri, olara gaharym gelenok. Biz diňe mümkinçiligimiz bolmansoň Gukga ýa Wowa ýaly özümizi açyk tanadyp bilemizok. Mesele diňe özüni tanadanlarda däl, belki, özüni heniz tanatmadyklarda bolmasyn?"