Gözüň açylmagy üçin
Adam aýtdy:
"Durmuş ýurdumdan çykmaga mejbur etmedik bolsa, dünýeden diňe çaýçorba ýa süňkli çorba iýip, başga çorbalary bilmän geçjek ekenim. Indi hepdede iki-üç çorba bişirýärin, hiçisinde-de et ýok. Asyl çorba üçin et gerek däl ekin. Iki sany kömelek, bir käşir, ýarty turp, bir sogan, bir sarymsak bilenem bal ýaly çorba bişirip bolýan eken. Nohut-noýbaly çorbalary dagy, aýtsalar ynanmazdym, iýip doýup bilemok. Ozal kömelegi diňe gowrup iýmelidir öýdýärdim. Gowrup iýeňde, onuň çorbadaky tagamlarynyň ondan birinem bilmeýän ekeniň. Başga zady goýaly, gözüň çorba açylmagy üçinem öýüňden çykmaly!"