Umytsyz iş
Adam aýtdy:
"Adamlar öz hukuklaryny bilmeli we talap etmeli diýýärler. Dogry, hukugyň bolsa, onuň teoriýada-da bolsa bardygyny bilseň we talap edip bilseň gowy. Sebäbi seniň hukugyňy hiç kim hiç wagt bazardan getirip bermez. Ýöne durmuş adamlara günde-günaşa hukuksuzdyklaryny, hukuk diýilýäniň ertekidigini, kanun çykaryjy we kanun goraýjy diýilýänleriň iň uly kanun bozujylaryň aýagynyň aşagyndaky süpürgiçdigini aýdyp, görkezip durka, teoretiki bilimden peýda az. Ýöne muňa garamazdan, biz öz umytsyz işimizi dowam etdirmeli. Ol ýagdaýyň mundan has erbet bolmazlygy üçin gerek."