Beýik akmaklyk
Adam aýtdy:
"Biziňkileriň bir gylygyna gülkim tutýar: olar çäresiz raýatlar bilen oýnaýan emelsiz oýunlaryny daşary ýurt kompaniýalary bilen hem oýnaýarlar we gürrüňsiz utaryn öýdüp garaşýarlar. Mysal üçin, bizde hukuk goraýjy diýilýänler adamy saklap, bir aýyp bildirse, ol hökmany suratda şol günäni boýun almaly we toba etmeli, indi gaýdyp beýle bikanun işi etmejekdigini aýdyp, ant içip, awy ýalamaly. Ýogsa ol urlup-ýenjilip-de, sowukda ýa yssyda aç-suwsuz daňlyp-da, ýatyrylman-da, gaty höçjetlik etse, maşgalasyna zyýan ýetirjegini eşidip-de bilýär. Bildirilen islendik günäniň boýun alynmagy häkimiýetlere öz pidalaryny islän möhletinde türmä basmak ýa-da islän möçberinde para bermäge mejbur etmek mümkinçiligini berýär. Olara hiç bir kelle agyrtmak, hiç bir zady subut etmek gerek däl. Bu tas otuz ýyl bäri dowam edýär. Aňsat gazanja öwrenişdilermi ýa gaty özlerine ynandylar, olar bu oýny biraz başgaçarak, ilki bile ogurlyk edip, daşary ýurtly işewürler bilen hem oýnajak bolýarlar. Daşary ýurtlular ilki, mazalyja gazanç edýän wagtlary, biziňkiler ýaly, näme diýilse, boýun bolýarlar, emma soň, gyzza-gyzza gelende, biziňkilerden tapawutlylykda, ýüklenen günäni boýun almakdan we talap edilýän işi etmekden, ýa-da diýilýän puly, parany bermekden boýun gaçyrýarlar. Haýran galýan ýerim - biziňkiler henizem, öz satlyk kazy-kelanlaryndan biraz tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky kazylaryň beýleki tarapyň hem sözüni diňlemelidigine düşünip bilmeýärler."