Bagtsyzlygyň kömegi
Adam aýtdy:
"Agam Aşgabatda medisina institutyny gutaryp, işlemäge galanda, çagalaryny rus mekdebine berende ilki gaty begendim, sebäbi olar biz ýaly, ýalňyşaryn öýdüp, rusça gürlemäge çekinmez diýdim. Olar mekdebi gutaranda hem begenmek begendim, sebäbi rusça aksentiz gürleýärdiler, islän okuw jaýlarynda okamaga taýýardylar. Dogrusy, inilerime gözüm gitdi. Emma soň olaryň türkmen nakyllarynyň, Magtymgulynyň setirleriniň manysyna düşünmeýändigini görüp, gaty gynandym. SSSR dargap, rus dillileriň ýagdaýy kynlaşyp ugranda, agam işini ýitirip, çagalaryny alyp, Orsýete göçdi. Ýene gynandym. Ýöne ne Gorbaçýowa, ne-de Ýeltsine gargadym, sebäbi SSSR-iň ýykylmagyny olardan görmeýärdim. Iki-üç ýyl soň özümem işimi ýitirdim. Agam ýanymda, hojalyk bölüminde iş bar diýdi. Öz ugrum bolmasa-da, başga iş tapman, agamyň yzyndan Orsýete geldim. Günde işe metroly gatnaýaryn, eýläk bir sagat, beýläk bir sagat. Köp adam kitap okaýar. Agamyň öýünde elime ilki ilen kitap Fýodor Dostoýewskiniň "Jenaýat we jezasy" boldy, ozal okamandym.Agam begenip: "Şeýtsene, okasana, çagalar okar diýip aldym, gatynam açmadylar" diýdi. Şol günden bäri Dostoýewskiniň ýazan ähli zadyny okadym, soň Lew Tolstoýa geçdim, ozal onuň "Anna Kareninasyny" okapdym, ýöne gowy okaman ekenim. Ýarym ýyla ýetmän, rus klassyklarynyň onlarça kitabyny okadym. Ýene onlarça kitap nobatyna dur. Diňe rus ýazyjylarynyň kitaplaryny däl, başga dillerden terjime edilen eserleri hem okaýaryn. Okadygymça nebsim otugýar, SSSR ýykylmadyk bolsa, ne Dostoýewskini, ne beýlekileri okardym, Aşgabatda işimi ýitirmedik bolsam, bu kitap ummanynyň gyrasyny görmän, göýdükbaşynyň hem kitap, hem çörek gytçylygynda iki açlygyň ejirini çekip ölerdim diýýärin. Meniňkem edil "bagtym ýokdy, bagtsyzlyk kömek etdi" diýleni boldy."