Napoleondan ozduranlar
Adam aýtdy:
"Bu sözi Talleyrandyň adyna berýärler, ol Napoleona "Hökümdarym, siz tüpeň naýzalary bilen, üstünde oturmakdan başga, islän zadyňyzy edip bilersiňiz" diýipdir. Bir düşündirişe görä, bu fransuz imperiýasynyň goşunynyň boş oturman, öňe süýşmelidigini aňlatsa, ikinji düşündirişe görä, güýç bilen alnan ýurduň güýç bilen dolandyrylyp bilinmejegini ýaňzytmak üçin aýdylypdyr. Bilmedim, ýöne biziň postsowet hökümdarlarymyz häzirlikçe tüpeňiň naýzasy bilen islän ähli zatlaryny etmegi, şol sanda onuň üstünde oturmagy hem başarýarlar."