Uly iş
Adam aýtdy:
"Döwlet eýeçiliginde, senzura astynda işleýän, bir partiýanyň ýa adamyň waspyny edýän medianyň hatda şol wasp edilýäne-de zyýandan başga peýdasy ýok, ol biderek serişde harçlamak diýýärler. Munuň bilen düýpden ylalaşmaýaryn. Waspçy media alternatiw neşirleriň okyjysyny, diňleýjisini köpeltmekde bahasyna ýetip bolmajak iş bitirýär."