Hudaýyň ornunda
Adam aýtdy:
"Voltaire "hudaý ýok, ýöne muny hyzmatkärime aýtmaň, gije gelip, meni öldürmesin" diýipdir. Indi hyzmatkärleriň tas hemmesi hudaýyň ýokdugyny bilýär, ýöne olar gije baryp, özlerini ezýän hojaýynlary öldürmeýärler. Sebäbi indi hudaýdan beter gorkuzýan parahorlar, dowzahdan beter türmeler bar. Belki, hudaýyň bolmany hem gowudyr, ýogsa adamlar ony hem bireýýäm öldürerdiler ýa-da öz türmelerine salyp, şol ýerden çykarman, hatda oňa peredaçi hem geçirtmän saklardylar."