Adamyň dini

Adam aýtdy:

"Mekdepde okaýarkam bir mugallym "dinleriň ählisi erteki, adamlary goýun sürüsi ýaly, birki çopanyň öňüne salyp, islän ýeriňe sürmek üçin häkimiýet başyndakylaryň sowatly adamlara pul töläp ýazdyran toslamalary, ýokardakylaryň özleri hiç wagt hiç dine ynanmaýar, olarda aýdylýan düzgünleri berjaý etmek diňe garyplardan talap edilýär, baýlardan däl. Muny garyplaram bilmän duranok, ýöne dinleri olaryň boýnuna köplenç ilki güýç, gylyç, gan bilen dakýarlar" diýdi. Öýe gelsem, kakam içki jaýda namaz okap otyr. Saklanyp bilmedim, namazlygyny ýygnaryna mähetdel mugallymyň diýen zatlaryny aýtdym. Kakam başyny gaharly ýaýkady: "Bir sözüne-de ynanma, ol bolşewik-kommunistleriň tüýdügine tans edýän satlyk adamdyr, aýlyk almak üçin her zat aýdar." Bolşeweik-kommunistler ýykyldy, olaryň ýerine demokratlar geldi, gök gürländen soň çykan kömelek ýaly, döwlet serişdesine ýa bir daşary ýurtly baýyň kömegi bilen gurlan metjitler köpeldi. Demokratlar ol metjitleriň ymamlaryna aýlyk belledi. Kakama hem bir metjitden gowy iş - ymamlyk ýetdi. Hemişeki mysapyr kakamyz gözümiziň alnynda üýtgedi: günde-günaşa sakgal-murtuna, ýüz-gözüne timar berip, üsti-başyna seredip, geýjek eşigini, iýjek naharyny dandap, düýpden başga adam boldy. Ejem pahyr onuň bu bolşuna birbada gülse, soň gaharlandy. Öýümizde ömür görmedik mebellerimiz, haly düşekler, her otagda diýen ýaly telewizor peýda boldy. Emma ejem pahyr ýumşak diwan-kürsüleriň, kakamyň saýlap alan iki adamlyk krowatynyň hözirini uzak görmän, birden ýüreginden tutdy-da, dünýäsini başgalady. Kakam welin, ýetmişden aşanam bolsa, heniz daýaw görünýärdi. Soňabaka ol demokrat prezidentiň ýaşululary ýygnap geçirýän maslahatlarynda öň hatarda oturdylýan adamlaryň birine öwrüldi, sebäbi peşeneli ak sakgaly, nurana ýüzi bardy. Prezident ony daşary ýurtlara öz ýany bilen alyp gidýän "tas hemişelik hemşerileriniň" hem sanawyna goşdy. Mundan başga ol, Mekge-Medinede bolup, kommunistler döwründe bir gezek bitirip bilmejek işini, haj parzyny döwletiň hasabyna iki gezek, aňryýany bilen ýerine ýetirdi. Onuň birinji gezek hajdan gelende gabaryşyny görüp, özümden kiçi inim gulagyma pyşyrdady: "Şu ýaşdan soň öýlenjek-beýleki diýse-de geň görme şundan!" Ikinji gezek hajdan gelende hem hemmämiz öýe üýşdük. Ýogsa, kakamyň ýanynda diňe iň kiçi inim galypdyr galanlarymyz başga ýerlerde ýaşaýardyk. Agşam kakam bilen ejemiň otagynyň gapdalyndaky otagdan düşek salyp berdiler. Daňdanlar bir geň sese oýandym. Tursam, aýalym düşekde dik otyr. "Bu nämäň sesi?" diýsem, aýalym pyşyrdap, "Kakaň seksli kino görüp, telewizory öçürmän uklan bolarly, körpe gelniňiziň aýdýanlary çyn eken" diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024