Adam görnüşleri

Adam aýtdy:

"Bizde köp zat aýdylanok, ýa-da bilemizok. Ilde adamlar hem, ýylanlar ýaly, zäherli we zähersiz diýen görnüşlere bölünýän eken. Arada bir ýerde gözüme ildi, biri, agzy bişen bolarly, "zäherli adam seni uzak çygrynda ýa galybynda saklap bilmese, başgalaryň sen hakdaky pikir-garaýşyny öz galybynda saklajak bolar" diýip ýazypdyr. Ýene biri, olam agzy bişene meňzeýär, "olar bizi öz galybyna salmak ýa-da sandan çykarmak niýetinden hiç wagt el çekmez, näme üçin biz olary öz durmuşymyzdan we kellämizden çykaryp zyňmakda şolar ýaly erjellik edip bilemizok?" diýip sorapdyr. Üçünji biri, olam agzy bişene meňzeýär, "deýýuslar biziň ýeňsämizden her hili gybat eder, totular olary gaýtalar, alasamsyklar bolsa muňa ynanar" diýip ýazypdyr."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024