Deňeşdirseň
Adam aýtdy:
"Öňki prezidente gorkak diýýärdik. Ol rus patyşasynyň kellekeser goşunlarynyň biziň ýurdumyzy gana çaýkap, deň bolmadyk söweşde basyp alandygyny, Kremlden näçe gorkan-da bolsa, tassyk etdi; 12-nji ýanwarda Hatyra gününi bellemek hakynda intelligentsiýanyň taýýarlan kararyna gol çekmäge gaýrat tapdy. Onuň döwründe öz ýurduny gorajak bolan adamlar hakynda makalalar ýazyldy, kitaplar çykaryldy, hatda oýun hem goýuldy. Häzirki prezidente näme diýmeli? Ol, Kremlden gorkusyna, halkyň iň ýakyn taryhy, halk gahrymanlary barada özünden öňki prezidentiň döwründe edilen zatlaryň ählisiniň üstüne gum sürdi, indi mediada rus patyşasynyň ganojaklarynyň öz ýurduny goran türkmenleri nähili ýigrenç, nähili gazap we rehimsizlik bilen gyrandyklaryny agzamagam bolanok."