Garyplyk aladasy

Adam aýtdy:

"Atam orta daýhan eken, aýlawlary baglan atyny alyp, kolhoz başlygynyň paýtunyna goşupdyrlar. Emma bu az bolan bolarly, obadaşlaryna "kolhoz gurluşygyna garşy" diýip, aýagyndan arza ýazdyrypdyrlar. 10 ýyl tokaý çapmaga iberipdirler. Emma bäş ýyldan gelipdir. Ölende atamdan kakama bir bagana possun, 15 sany goýun miras galdy. Kakam ömrüni mugallym bolup geçirdi, emma pyýada geçdi, ne aty boldy, ne-de maşyny. Olar bolşewik, kommunist döwrüniň garyplary boldy. Meniň maşynym bar, bagtyma – ak reňklisini alypdyryn, emma döwülse, bejertmäge pulum ýok, aýlygym iýmäge zordan ýetýär. Üstesine, aýalym, ogullarym hem işsiz. Biz demokratlar döwrüniň garyplary bolduk. Emma agtyklarym senagatçylar we telekeçiler döwrüniň garyplary bolar öýdüp gorkýaryn. Mundan-da beteri, ýurdumyz dursa, geljek nesiller Hytaýa we halkara pul gaznasyna bergili bolar öýdüp, gaty alada galýaryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024