Özboluşlylyk

Adam aýtdy:

"Biz, dogrudanam, özboluşly millet, otuz ýyl bäri aç-açan özümizi ýok etmek ugrunda göreşýäris. Birini entedip, garyp düşürip, galmaz edip bilsek, jaýyny ýyksak, işden kowdursak ýa iş ornuny ýapdyrsak, geçimiz ekiz owlak guzlan ýaly begenýäris. Bu diňe adamy özüňden pesde ýa yzda saklamak, para bermäge mejbur etmek üçin oýnalýan oýun hem däl, keýpine-de oýnalýar. Öňki prezident ölenden soň, bu oýun köşeşjek ýaly etdi, emma köşeşmedi. Eger köşeşip, aýrylyp gitse, men bu islegi "zat görmedik, açgöz ýetimiň" üstüne atyp, milletiň üstünden höwes bilen sowardym... Uzak gepiň gysgasy, ýene adamlary mümkin boldugyça dar ýere iteklemek oýny möwjäp galdy. Gorkýan zadym, ýene her ugurda, hususan-da mugallymlaryň arasynda biraz gowy, öz işini etjek bolýan adamlar köpçülikleýin işden çykarylar. Olar ozalam azlyk. Belki, biziň yza galmagymyzyň düýp sebäbi şu ýerdedir. Ilkiler mekdeplerde emele gelen batgalygy ýokarlaryk çykan adamlar bilmeýändir öýderdim, emma olar, özlerini oňarsa, çagalaryny türkmen mekdeplerine bermeýärler, diýmek, ol ýerde okuw okatjagyň azdygyny gowy bilýärler. Köplük, hemme ugurda bolşy ýaly, işine däl, mekdeplerde hem başlyga yhlasly adamlar. Aýal ýa erkek, parhy ýok, olar başlyklara ýaramaga, gerek bolsa, başlyklar bilen aýlyklaryny hem paýlaşmaga taýýar, gep getirmek-beýlekä hem ökde bolýarlar. Bu milletiň geljeginiň ýok edilýän, ogurlanýan, halta salnyp, dagdan aşak taşlanýan ýeri diýsem, ulaltma bolmasa gerek. Bazara geçilse, bu zatlar azalar, sebäbi hususy kärhanalarda işine ökde, ýokary hünärli adamlar gerek, garyndaşyň ýa ýaranjaň bilen bazarda bäsleşip bolmaz diýerdik. Emma biziň milli özboluşlylygymyz bazary hem çeper höwesjeňleriň sahnasyna öwürdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024