Biziň günämiz
Adam aýtdy:
"Günäkär gözlemek hem tapmak, ýa günäni başga birleriniň üstüne atmak, ozaly özüňi aklamak, özüňi köşeşdirmek üçin gerek bolsa gerek. Ýöne bu seni jogapkärçilikden boşadýarmy ýa diňe özüňi aldaýarsyň? Bu soraga bir sözde jogap bermek kyn. Dogry, döwlet başyna çykan, arkasynda ýaragly güýç duran adamlar senli-menlini diňläp durmaz, bu belli. Şu sebäpden, olar uruşmaly diýse, eliňe gyrkylyk alyp, toply-tophanaly goşunyň üstüne ýöriş edersiň, biri-birinden ýigrenji syýasatçylaryň turzan urşunda ölersiň, maýyp bolarsyň, bagtyň gelse, sag-aman öýüňe dolanarsyň. Emma bu seniň ýeňendigiňi aňlatmaýar. Adamlar köplenç, haýsy tarapda hem bolsa, emele gelen ýagdaýyň bendisi ýa ýesiri bolýarlar. Edil biziň ýagdaýymyz barada aýdylanda bolsa, adamlaryň bilelikde, belki-de özleriniň aktiw ýa passiw gatnaşmagynda gurlan türmeden çykmagy ýa çykjak bolup synanyşyk etmegi hem gümana. Sebäbi biziň köpümiz öz çagalarymyzy, açyk boýun almasak-da, dürs adamlar edip ýetişdirmek üçin döreýän pursatlary diňe olary diplomly etmek, düşewüntli, ýagny köp we uzagrak ogurlyk edip bolýan wezipelere taýýarlamak üçin berlen mümkinçilik hasaplaýarys. Şu sebäpden olar taryhyň garaşylmadyk synaglaryna däl, döwlet ýalançylygyna goşulyp, mümkin boldugyça kän para almaga taýýar. Elbetde, munuň soňy her hili gutaryp bilýär. Özleri owarram, näme bolsalar, şol bolsunlar diýseň, olar öz barýan ýerlerine yzdan gelýän adamlary hem alyp barýarlar. Muňa diňe olaryň özleri günäkär däl, biziň hemmämiz günäkär, sebäbi bu adamlar biziň aramyzda, biz bilen bile ýetişýär, biz olary mekdep partasyndan bäri tanaýarys we ýokarlaryk çykyp, ýüzüni doly açýança görmezlige, tanamazlyga, onuň nähili pesliklere ukyply boljagyny bilmezlige salýarys. Soň görenimiz ýa bilenimiz köplenç giç bolýar. Çünki soň olar bizi öz messepsizligimiziň ýesirine öwrüp, bilýänimizi gizlemäge mejbur edýärler."