100% dürsler kim?
Adam aýtdy:
"Biz hemişe 100%, bolmanda 90% dürs, dogruçyl bolup görünmek isleýäris, hemişe we hemme meselede özümizi aklaýarys. Bu kemakyllyk. Arada biriniň ýürege jüňk bolýan sözüniň üstünden bardym. Ol adam hakykatda 55% dürs bolsa, munuň örän gowy zatdygyny, bu ýerde jedeliň ýerliksizdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, eger adam 60% dürs bolsa, bu ajaýyp, bagtyň çüwmegi we munuň üçin hudaýa şükür etmeli. Emma ol adamyň 70% dürs bolmagyna şübheli garaýar. Eger biri men 100% dürs diýse, ol yňdarma, kellekeser we aňrybaş deýýusdyr diýip, gadym wagtlarda Galisiada ýaşan ýewreý gojasy aýdypdyr."