Ýetmeýän zat

Adam aýtdy:

"Öňki başlygym duşdy, pete-pet bolamyzsoň, salamlaşmaly boldum. Alan terbiýäm ýalňyş ýa-da özüm gaty ýüzlek, salamdan soňam ýoluma gitmän, sypaýyçylyk edip sägindim. "Öňki gedemligi ýok, biraz myssarypdyr, durmuş toba getiren bolarly" diýip, içimden pikir etdim. "Başlyk bolsa, azmaýan az, beýlekiler owarram diýseň, hatda ýeke başyna üç çagasyny ekleýän tam süpüriji aýaldan hem bir zatlar alardy..." Ol, başlyk döwründäki ýaly gep gözläp: "Näme täzelik bar?" diýip sorady. Milli telewideniýäniň baş gahrymanynyň egindeşlerini dyza çökermekden keýp alşyny görüp çykypdym, gaharym gelip durdy. "Şo bir täzelik, biziňkiler başlyk bolsa, balagyny çykaraýýar" diýdim. Ol güldi-de: "Biziňkilerde milli duýgy ýetenok, milli duýgy bolmasa, şeýle bolýar" diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024