Sem bolmagyň anatomiýasy
Adam aýtdy:
"Biz özümizi ýazyjy, şahyr, žurnalist hasaplaýardyk. Emma az salym aç-açanlyk döwri geldi-de, aýbymyz açylyp başlady. Biz muny döwürden däl, ýazyjylar taýpasyna täze goşulan ýaşlardan, özünden gorkusyna olary goldap başlan garrylardan gördük. Onsoň birleşip, olara garşy göreşe başladyk. Maksat olaryň seslerini her edip, hesip edip, taryha gidip barýan senzurany saklap hem bolsa, garaz, sem etmekden ybaratdy. Munuň üçin, elbetde, partiýanyň diýdimzor güýjüni ulanmalydy, onuň ýetmiş ýyllyk tejribelerine el bermelidi. Partiýa özüni ulandyrmaga taýýardy, sebäbi biziň aýbymyz bilen bile onuň hem aýby açylýardy. Şu sebäpden ol, özi dursa, söz, pikir azatlygyna ýol berjek däldi. Söz azatlygy bolsa, erkinlik gelse, partiýa bilen bilelikde bizem ýazyjy, şahyr hökmünde taryha gitmelidik, sebäbi azajyk aç-açanlyga, azajyk bazara hem taýýar däldik. Onsoň, gülen bolduk-da, "Maksat jandan ileri" diýip, garşydaşlarymyzy sem etmek üçin hiç zatdan gaýtmazlyk kararyna geldik. Partiýa muňa hezil etdi. Garşydaşlarymyz birbada karam oýny gaty gördüler, ýöne soň olaram biziň emelimizi ulanmaga, partiýa ýaplanmaga, onuň söz azatlygynyň bokurdagyndan bogýan elini güýçlendirmäge mejbur boldular. Şeýdip partiýa biziň hemmämizi diýen ýaly sem etdi, söz azatlygy, pikir azatlygy tas hossarsyz galdy. Bilden aşakdan ursaň, bilden aşakdan urulýan ekeniň. Muňa düşünip ölenlerem bar, ýöne köpümiz düşünmän, beýlekileri günäläp ölýäris."