Iň netijeli oppozisiýa

Adam aýtdy:

"Biziň oppozisiýamyz öz özboluşlylygy, netijeliligi boýunça dünýäde birinji ýerde durýar diýsem, ulaltma bolmaz. Ginnesiň rekordlar kitabynda adalat ýa hakykat bar bolsa, ol bu sanawa bireýýäm girizilmelidi. Dogry, bizde oppozision partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, hatda açyk işläp bilýän adam hukuklaryny goraýjylar hem ýok. Emma döwlet telewideniýesi bar, ol açyk işleýär, özem gaty uly iş bitirýär. Ol döwlet terroryny, uly zallara ýygnalyp el çarpdyrylýan adamlary, ýüzüni galdyryp bilmeýän emeldarlary, bir söz bilen aýdylanda, özüni maliýeleşdirýän şahsyýet kultunyň hakyky ýüzüni dünýä açyp görkezmekde dünýäniň hiç bir telewideniýesiniň bitirip bilmeýän işini bitirýär. Görkezilýän sýužetleri görseň, sözem gerek däl, düşündirişem, sebäbi şekiller ýurtda baş egmekden ýa gaçmakdan başga çykalganyň galmandygyny görkezýär. Internet asyrynda, döwlet baştutany özüni bolşy ýaly internete çykarmagy buýurýan wagtynda hiç bir oppozisiýa ýa garaşsyz media diktatura garşy döwlet telewideniýesi ýaly netijeli işläp biljek däl eken. Galany wagtyň işi, elbetde."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024