Internet mümkinçiligi

Indi internet bar eliň astynda,
telefon bar üstesine,
diýmek, diňe Gypjakda däl,
dünýäň ähli şäherinde
tanadyp bolýar ýakaňy,
ýaltanmasaň her hepde däl, her günde,
senzura-da ýok görnetin,
öz-özüňi ýere soksaň,
derejäňi görkezip,
gülki etseň gözel iliň,
elöpüji, elçarpyjy öňýeten,
ýöne munuň bir şerti bar, ýekeje,
ilki iliň dalatmaly otuz ýyl,
çozan ýaly gyzyllar ýa mekejin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024