Adamyň işi
Durmuş diňe erteki däl,
eliňe ýaý alyp gidip,
aždarhany atar ýaly,
ýa müşgüli diýip iliň,
buz ýassanyp ýatar ýaly.
Batgalygy guratmak däl ýaşaýyş,
kowup ýylan-içýanyny,
ulus ile derkar dälkä,
ýa ýarysy haram tapsa,
bakmaz bolup halala,
ýa ýarysy garaşmagy halasa
neden-ne bolar diýip,
arasynda mugt duz iýip,
mugt kepene begenip,
durmuş, diktatordan, gaýtjak şeri ýok,
goranan dek goranmak bek, başarsaň,
uzak ýolda her öňüňden çykandan,
sözüne däl, edýän işine bakyp,
hem akyl däl gorkmak diňe çakandan.
Sypalap urýandan ägä bolmaly,
ýa gujaklap bogýanlardan,
diňe sylan, söýen gelmez ýakyna,
geler awy, zäher etjek iýeniň,
hem özüň ýüp edip asjaklar dardan.
Durmuş erteki däl, bolmaz hiç haçan,
öz işini eder kowalan, gaçan.