Işim – gaçmak

Adam aýtdy:

"Ýigrimi ýyl bäri ýurtdan daşarda ýaşaýaryn, işim sebäpli eroportda ýa demirýol stansiýalarynda, awtobus terminallarynda köp bolýaryn. Gözüm hemişe daş-töweregimde, türkmen görsem gaçýaryn. Ilkiler beýle däldim, tanyşjak, gatnaşjak, elimden gelse – kömek etjek bolardym. Ýöne soň agzym bişdi. Esasan kömek edeniň bek çakýar. Biziňkiler ýüzüňe güler, ýeňsäňden, gör, nämeleri diýmez. Haýsy biri bilen deň bolup, dawalaşyp ýörjek. Belki, islegleri şoldur? Olara tanamaýan bir adamsyny garalamak üçin ne subutnama gerekdir, ne-de delil. Adam öz göwnüne osýandyr diýseň, hemmesi beýle gara ýürekli hem diýip bolanok. Gowusy, daşrak durmak, gatnaşmazlyk, tanamazlyk, bilmezlik diýen karara gelýärsiň. Könelerimiz aýdypdylar, bilmez arkasy güýçli diýip. Dogry aýdylan gep eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024