Päliň azmasa...

Adam aýtdy:

"Öz ýanymdan birinji beýigiň (BB) ynamdar adamlarynyň biri boldum, intelligentsiýa wekilleri barada näme sorasa, bilenimi aýdyp, köp möhümine ýaradym. Dogrusy, birbada gadyrymy hem bildi: sowet döwründe köwşümi täzeläp bilmedik garyp-pukara halyma birküç ýylda mally-mülkli, bir topar batrakly baýa öwrüldim. Gizlin gulluklaryň ýönekeý işgärleri däl, başlyklary menden çekindi, sudda-prokuraturada, häkimliklerde kime näme ýumuş bilen ýüz tutsam, bitmän galan gezegi bolmady. Sebäbi arkamda kimiň durandygyny bilýärdiler. Çagalarym on ýyla golaý tomsuna salkyn dag jülgesinden epgek öwüsýän şähere gelmän ýaşady. Ogullarymy, gyzlarymy, inilerimi, ýegenlerimi mugtuna islän okuw jaýlaryna okuwa saldym... Garyndaşlarym, tanyş-bilişlerim hem meniň arkamdan köp peýda gördi, kimsi okuwa, kimsi işe girse, beýleki birleri jenaýat edip, jezadan gutuldy. BB-den müňde-bir razydym, oňa ynanýardym. Ýogsa, oňa gaty ýakyn durýan, menden öňräkden bäri onuň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören adamlar ýeke-ýekeden ýitirim bolýardy. Emma men bu ýagdaýa özüme dahylsyz bir zat ýaly garaýardym. BB meni ýaşulular bilen edýän maslahatlarynda, intelligentsiýa bilen guraýan içişliklerinde, dar çäkdäki pikir alyşmalarynda hiç ýadyndan çykarmaýardy. Ýöne günleriň bir güni ol meni, ikiçäk dynç alaly diýip, öz gämisinde deňziň ortarasyna alyp gitdi-de, gymmatbaha konýaklardan gowy doýrup, döşümden itip, aşakda çaýkanyp ýatan suwa ýykdy. Gyşyň örküjidi. Buz ýaly sowuk suwa gaçan badyma serhoşlykdan açyldym. Emma giçdi. Dogry, ilki ol oýun edýändir, yzymdan gark bolmaz ýaly bir zatlar oklar, biraz gülüp hezil edeninden soň çekip, suwdan çykardar öýtdüm. Emma ol diýenim bolmady, gämi çaltlyk bilen daşlaşyp, menden ara açmaga başlady. Hudaýy çagyrmakdan başga etjek zadym ýokdy. Eşiden borly, halys ysgyndan gaçyp, özümi barha kän aşak çekýän suwuň düýbüne goýberjek-goýberjege ýetemde gök suwuň ýüzünde bir goňras ýalpylda gözüm düşdi. Guran agaç eken, ejemden-kakamdan eziz görüp, öli göwräni bagryma basyp, yzyndan gargyş etdim: "Men şu gury agaç bilen deňizden gutularyn, sen öz gämiň bilen gark bolarsyň, halal-haram ýygnan malyňy döke-döke gidersiň" diýdim. Diýşim ýaly boldy. Indi ikinji beýige (IB), onuň daşynda pyrlanýanlara seredýärin. Birden-birden aralarynda birleri ýitirim bolýar. Şonda BB-niň gämisine münüp, deňze çykyşym, onuň bilen konýak içişim göz öňüme gelýär. Özüm bilmän köne aýdyma hiňlenýärin: "Şa gyzyny alma huda ýazmasa, hana hemra bolma päliň azmasa..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024