Kabul bolan dileg

Adam aýtdy:

"Töhmet bilen türmä düşen günümiň ertesi ejemiň ýeke dogany, jan ýaly daýzam öýümize gelip, aýalyma gynanjyny bildiripdir. Soňam, belki gürrüň tapyp bilşidir-dä, gaýtjak bolanda: "Ogullarym "türmä düşdi" adyny alanyndan, öýümde ýatyp ölsün diýýän" diýipdir. Onuň adamsy ýaş gelin wagtynda birini balkondan sallap, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Iki ogly neşekeşdi, töwereklerinde ogurlyk-beýleki bolsa, polisiýa ilki meniň iki çykanymy ýygnap, urup-ýenjip sorag edýärdi. Bulary az gören bolarly, bende. Şondan soň beýleki diýeni hem boldy: sagat ogly öýünde ýatyp, ertesi düşekden turman öldi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024