Şeýtan daşlaýanlar kim?

Adam aýtdy:

"Sowet döwründe Mekge-Medinä gitmek, haj zyýaratyny amala aşyrmak köp musulman üçin ýetip bolmajak arzuwdy. Indi ol, Ýewropada ýaşaýan bolsaň, birki aýlygyňa bitýän işe öwrüldi. Ýöne Mekgeden öňde ene-ataň mazary bar, şolara zayýarata barasyň gelýär. Emma ýurduňa goýbermeýärler. Sebäbi günäň uly, ýalançylyga goşulyp, il-günüňi talamadyň. Dogry, ýurduňdan her ýylda döwletiň mugt uçaryna münüp, Mekge-Medinä zyýarata barýarlar. Emma sen Mekge-Medinä gidip, ol adamlar bilen bile "şeýtan daşlamak" islemeýärsiň. Sebäbi olar ýa ýalançylyga goşulyp, il-güni talan, ýa-da şol talaňçylga garşy ýeke daş zyňmak däl, ýeke söz hem aýtmajak musulmanlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024