11-lik taksiniň gussaly kyssasy
Adam aýtdy:
"Düşen günümi gülüp ýeňjek boldum. Tapan ulagymda esli aralyga gatnap işleýärin. "Işsiz kän, näme-de bolsa işim, ölmez-ödi aýlyjagym bar" diýip, özüme teselli berýärin. Ulag bolmadyk güni ýa-da nobatdaky çäreden soň pyýada gelsem, aýalym bilen degşen bolýardym: "11-lik takside gaýşaryp geldim, gelin baý!" diýip. Hernä aýalymyň işi golaý, gapdalymyzdaky çagalar bagynda işleýär. Emma durmuş gymmatlap, alýanja aýlyklarymyz gün aýlamaga ýetmän başlady. Onsoň aýalym öz toparyna çagasyny berýän ene-atalaryň birki sanysy bilen gürleşip, işe irräk gidip, olaryň çagalaryny öýlerinden çagalar bagyna getirip, işden soň bolsa, ol çagalary elin öýlerine eltip, goşmaça gazanç etmegiň ýoluny tapdy. Indi işden pyýada gelsem, 11-lik taksili anekdotymy aýdyp bilemok. Sebäbi aýalym görgüliniň işe diňe 11-lik takside gatnaman, eýsem ol taksi bilen güzeran ýüküni hem çekjek bolşy göz öňüme gelýär-de, agym tutýar."