Toýdan soňky tomaşa

Adam aýtdy:

"Her döwür – bir döwür. Ýaşkak adamlar toýlara ol ýerde diňlän bagşylary, içen araklary bilen baha bererdiler. Toý etjekler, "il öňünde durjak bolup", bergä batmalam bolsa batyp, çelekläp arak alardylar. Toýda arak kem bolsa, bu iň uly masgaraçylyk hasaplanardydy. Aragy kem bolan toýuň azyndan bäş ýyl gürrüňini ederdiler, az arak bereniň diňe özüni däl, ogluny-gyzyny, ýakyn garyndaşlaryny hem utandyrjak bolardylar. Soň toýlara ol ýerde çeken tirýekleri bilen baha berip başladylar. Bolmanda bagşylar, toý üçin mal öldürýänler, olaryň birden köpelýän meýletin kömekçileri üçin tirýek satyn almalydy. Tirýek bermedik tanyşlaryny "gutaran-laý", "bitini iýme gysyk-laý" diýip, tirýek berenleriň toýunda başyny ahmyrly ýaýkap ýatlaýan bir ýa iki bolmazdy. Emma bergä batyp toý edeniň, indi aýagynyň üstünde durmaly ýaş maşgalanyň "arkasynda durjak", gündiz eliň çyraly gözleseň-de, aňsat-aňsat tapylmazdy. Indi, soňky ýyllarda toýlara ol ýerde iýen naharlary bilen baha berip başladylar. Iň ýeser ýeri, şäher ýerlerinde toýa çagyrsalar, baryp bilseň begenmeli döwür geldi. Sebäbi toýlara çakylyksyz, bütin maşgalaň bilen ýa ýolda duşan tanyşlaryňy hem alyp barylýan döwür geçip barýar. Toýlar köplenç açyk howluda ýa köçede däl, ýapyk binalarda, sanalyp çagyrylan myhmanlar bilen geçirilýär. Çünki, toýa ýa ýasa, başga biriniň hasabyna gyzgyn nahar iýmäge garaşyp ýaşaýan adam köpeldi. Olardan, duşmandan goranan ýaly, berk durup goranmak zerurlygy döredi. Dogry, toýa kän çykdajy etmekde, köp adam çagyrmakda, bagşy aýtdyrmakda ýaryşýanlar şindi hem bar. Emma olaryň kimlerdigini hemme kişi bilýär. Çörek özüni nasbaý bagşylardan, arakdan, tirýekden soň has gowy tanadýan eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024