Pahyrlar
Adam aýtdy:
"Skype bir gowy zat, serhetleri wizasyz açyp berýär. Öten agşam ýigrimi ýyl bäri görmedik uniwersitet ýoldaşym bilen gürleşdim, studentlik ýyllaryma dolanan ýaly boldum. Bile okan oglan-gyzlarymyzyň tas hemmesini ýatlap çykdyk, öli-diri professorlarymyzyň hem gulagyny şaňlatdyk. Eşitmändirin, olaryň biri soň köp ýyl rektor bolup, öňräk türmä basylan eken. Gürrüňdeşim "pahyr" diýip, iki-üç gezek gynanjyny daşyna çykardy. "Gowy, ýumşak oglandy, işiň düşüp barsaň, ýok diýmezdi. Öňki okuwçylary gelip, "mollum, bizi horlap oturman, özüň ýaz" diýip, eline kagyz-galam beripdirler. Pahyr, ýüzüni ak tam edip, eli titräp, hiç zat ýazyp bilmän otyrmyş. Onsoň, dözen däldirler-dä, öz bilýän faktlary boýunça diktowka edipdirler. O taýda işleseň, arassa bolup bolýarmy? Arassa bolsaň, rektor etjeklermi? Pahyr, 15 ýyl beripdirler. Näme, ýerine geçen almaýandyr öýdýäňmi? Berip geçilýän ýer ahyryn ol... Pahyrlar, gezek-gezegine gidip otyrlar..." "O näme üçin pahyrlar? Nireden pahyr bolýar olar?" diýip sorasym geldi. Emma soramadym. Sebäbi düşünjek däldi. Pahyr!"