Ýylgyrdýan zatlar
Adam aýtdy:
"Arada Amsterdam aerortunda bir ildeşime duşdum, herimiz bir ýere barýas. Biraz wagtymyz bolansoň oturdyk, kofejik alyp, iç döküşdik. Pahyr, elinden geçen pullary, gideren baýlyklaryny ýatlady. Ýöne arasynda ýylgyrýar. "Näme ýylgyrdyň, bir zat ýadyňa düşdümi?" diýsem, "Alyp galanja pullam ýadyma düşende, biygtyýar ýylgyrýan" diýdi. Men güldüm. Ol: "Näme üçin güldüň?" diýip, gaty gören ýaly etdi. Kinesini ýazmak üçin özümi ýylgyrdýan zady aýtmaly boldum: "Türmede her aýda yzymdan geçirilen dört-bäş towuk budunyň azyndan ikisini ogurlýan kgbçileriň indi özüm üçin diňe ýatlama bolany ýadyma düşdi".