Geň we adaty zatlar

Adam aýtdy:

"Ýaşulynyň ýanyna her hepde diýen ýaly girip-çykýarkam bu zatlar geň däldi, adaty durmuş ýa-da bolmaly zat ýalydy. Indi kellämde aýlaýan welin, her aýdylan söz bir hekaýa eken. Mysal üçin, bir gün, özüm ýaly, onuň ýanyna arkaýyn-girip çykýanlaryň biri, komsomolda bile işleşen tanşym zeýrendi: "Tas masgara bolupdym-aý" diýdi. "Näme boldy?" diýsem, şu wakany gürrüň berdi: "Ýaşulyň doglan gününiň bir hepde-on gün öňünden Ermenistandan 850 müň dollara bir ýüzük getirtdim. Doglan güne bir hepde galanda hem baryp, sowgadymy elin gowşurmaga çalyşdym. Emma "ýanynda adam bar, ýygnak geçirip otyr" diýdiler. Onsoň ýüzügi onuň ýanynda işleýänleriň birine berip gaýtdym. "Ýygnak gutaran badyna ýaşula ber" diýdim. Doglan gününe iki gün galdy welin, ýaşuly jaň edýär: "Iller meniň doglan günümiň aladasyny edýär, seň ýadyňa-da düşenok öýdýän" diýip. Men "Sowgadymy ýanyňdakylaryň birine berip gaýtdym, ol saňa bermedimi?” diýip soramaga gorkýan. Sebäbi ol ýanynda menden has kän bolýan adam, "ýalan sözleýär" diýse, işimiň gaýtjagyny bilip durun. Onsoň Ermenistandaky kärdeşime jaň etdim: "Edil öňküsi ýaly, şondan gowy bolmasa, pes bolmadyk ýüzügi gyssagly ibermeseň bolanok” diýdim. Ol: "Bolýar, ýöne bahasy 1 mln 250 müň dollar bolar, sebäbi ony saňa iki günde aşyrjak bolsam, ýöriteläp, kiçiräk bir samolýot tutmaly bolaryn" diýdi. "Samolýotyň ýangyjyny-beýlekisini boýun alyp, doglan gününe bir gün galanda, ýaşulyny zordan gutlap ýetişdim. Soň ýüzügi beren adamymyň ýanyna baryp, "sowgadymy bermänsiň-le, ýaşula elin gowşurjakdyň-a?" diýsem, "Meniň beýle zat ýadyma düşenok, telefonda gürleşip otyrkam stolumda goýup giden bolma, başga biriniň eline düşen bolmasyn" diýip, ör-gökden gelýär." Bu indi, şunça ýyldan soň, maňa geň görünýär. Belki, bu hili zatlar başga birlerine şindem adaty, bolmaly we hemişe boljak zatdyr?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024