Pidaňy tanasaň...
Adam aýtdy:
"Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Aşgabatda uly derejeli prokurordym, başarsam tutulan adam sorag edilmezinden öň gidip, öýüni, maşgalasyny görýärdim. Sebäbi adamyň öýi, maşgalasy ol hakynda köp zady aýdýardy, bu meniň on ýyl çemesi işlän düşewüntli işimde toplan tejribelerimiň esasylaryndan biridi. Eger tutulan adamyň öýi-jaýy başgalaryňkydan tapawutlanýan bolsa, üstesine ýokarlarda hem goragy bolmasa, sen oňa dözümliräk daraşyp bilýärdiň. Meniň prinsipim ýa ýörelgäm adamy türmä basmak däldi, iki tarap üçin hem amatly çözgüt tapmakdy. Ýagny tutulan adam ýüklenen günä bilen baglylykda, ençeme ýyllap toplan bikanun baýlygyny paýlaşmaga, gazanjynyň köpräginden geçmäge razy bolsa, men onuň bilen ylalaşýardym. Bu diňe meniň prinsipim däldi, meniň başlygymyň, şeýle-de başlygymyň başlygynyň hem prinsipidi. Men diňe zynjyryň bir halkasydym. Emma bir gezek gaty gynandym. Sebäbi tutulan adamyň aýaly meniň on ýyl bile okan klasdaşym bolup çykdy. Ol sekiz çagaly (hemmesi gyz) maşgalada ulalypdy, soň meniň bilen bir uniwersitetde (başga fakultetde) okapdy. Tejene pagta gidilende, onuň öýlerinden aýralyga çydaman, şol bir aýdym setirini - "Akmaralym akmaýanyň üstünde" diýen sözleri uzakly gün gaýtalaýşyny gürrüň bererdiler. Men ozal öz pidalarymy tanaman, hezil edip ýörenime diňe şol günden soň düşündim."