At protesti
Adam aýtdy:
"Göwnümemi ýa Muhammet, Aly ady dakylanlar köp içýärmi? Bu barada, daşyma çykarmakdan çekinsem-de, öňräkden bäri pikir edýärin. Birki ýyllykda Muhammet atly alym tanşym aradan çykanda, bu pikirimi daşyma çykaranymy duýman galdym. Biwagt gitdi neresse, entejik işlemelidi. Zehinlidi, jepakeşdi. Haýp, içgi alyp ýatdy. Öňräkden bäri içýärdi. Ýöne däl, kast edip içýärdi. Içgi zerarly maşgala durmuşy hem bolmady, ýogsa bäş-alty gezek öýlendi. Aly atly tanşymam içýänine gaty buýsanardy. "Suwdan, süýtden başga ähli zady, hatda benzini hem içýän" diýerdi. Üstesine, tapsa, hiç neşeden, hiç azgynçylykdan gaýtmazdy. Soňky gezek göremde, "ahyry arzuwyma ýetdim" diýdi. O nähili arzuw diýsem, iki aýalyň arasynda ýatmak eken. Içgi sebäpli ite bir sümek bergili bolup öldi. Kimden näme alyp bilse alardy, bermek näme, bilmezdi... Käte olar, Muhammet, Aly atlylar öz atlaryna protest edip içýärmikä diýip hem pikir edýärin. Emma bir tanşym "olaryň içenine, ir gidenine gynanma, syýasatçy bolmanlaryna begen, sebäbi Muhammet, Aly atlylar uly wezipä ýetse, gaty ynsapsyz bolýar" diýýär."