Terbiýe problemasy

Adam aýtdy:

"Sowet döwletiniň arabasynyň has gaty jygyldap başlan wagtydy. Iki sany çal saç aýalyň awtobus duralgasynda edýän gürrüňini biygtyýar diňlemeli boldum. Olar, gürrüňlerinden çen tutsaň, bir ministriň toýundan gaýdypdyrlar. "Gunçaň gaýny gaty görümsiz eken. Öňem eşidýärdim, ’zadyny görkezjek bolýar, alan parasy bilen öwünýär’ diýip. Ýöne edil beýle ýuwan, beýle göterimdir öýtmeýärdim. Şeýle adamy ministr belleýän bolsa, bu hökümetde-de derek galmandyr". "Aý, ýetim ösen görgüli-dä, haçan gören zady? Oň ýaly jaý, oň ýaly maşyn, oň ýaly toý tutmak düýşüne girjek zat däl-ä!" "Ony diýseň, Bägüliň gaýnam ýetim ösen, özem Gunçaň gaýnyndan uly bolmasa, pes toý tutmady. Emma ol beýle däl-ä?" "Bägüliň gaýny bilen deňeme ony, ol ýetimem bolsa, atasynyň elinde, terbiýe görüp ulaldy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024