Kelte pikir
Adam aýtdy:
"Ilkiler esasan milisiýa, sud, prokuratura, medisina işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary para alyp, ýurdy ýykýar diýip pikir ederdim. Žurnalizme, ýazyjylyga gelmegime hem şu ynanjym sebäp boldy. Emma 90-njy ýyllaryň başynda kelte gaýdanyma düşünip başladym: ýaşuly ýazyjylaryň biri arak başynda milisiýada işleýän oglunyň kagyza dolanan neşe maddasyny iki barmagynyň arasynda gizläp, nobatdaky pidasynyň jübüsine bildirmän atyşyny görkezip güldi. Içimdäki pikirimi daşyma çykarman durup bilmedim: "Iliň betbagtçylygyna gülmäge utanoňkmy?" Ol ýene gülüp: "Şeýtmeseň, adamlardan pul alyp bolýarmy? Doňuz ahyry olar. Doňuz bilen doňuz bolmaly, başga ýol ýok" diýip, hem ogluny, hem özüni aklady. Soň bir şahyr, ýene arak başynda, milli howpsuzlyk komitetinde işleýän ogluny türmeden alyp galyşyny gürrüň berdi, ýogsa ol neşe söwdasynda tutulan eken..."