Surat

Bile batylan batga

Adam aýtdy:

"Öňki ýaşuly ministrlerine "özüňiz 5-3% peýda görmejek bolsaňyz, daşary ýurt firmasy bilen kontrakt baglaşmak nämä gerek?" diýer eken. Muny soň türmä basylan ministr dostum, eli giňäp, öýünde iň ýakyn dostlary üçin uludan-uly meýlis guraýan günleri begenip gürrüň beripdi. Soň eşidip otursak, ministrlerini ogurlyga itekleýän ýaşuly, ministr bellän gününiň ertesi, olaryň yzyna baş prokurory, kgb-äni hem salýan eken. Şeýdip, 1991-nji ýyldan bäri ýüzlerçe adam batga batdy. Ýurt batga batdy. Çykjaga-da meňzänok. Hemmämiz gara läbigiň içinde oturan ýaly, ýüzümizmi, ýüregimizmi, ýa ikisi-de çyr-çyrşak. Kim-kimler bilen, dünýäniň nirelerinden gelen adamlar bilen dil düwşüp, öz ýurdumyzy, öz halkymyzy taladyk. Emma bu batga hemmelere ýaraýan ýaly, ondan çykaly diýýän tasdan ýok ýa-da iki-ýeke. Özi batga boýy bilen batyp, soň gygyran bolýanlar welin bar, emma olara hiç kim ynanmaýar. Muňa derek, batga girjek bolýan, höwes edýän welin juda kän, ýyl-ýyldan köpelmese -azalmaýar. Bizde beýle agzybirligiň bolan wagty ýokdur. Kimi görseň, okaman diplom aljak, iş bilmän ýokaryk çykjak, para aljak, para berjek. Başga gep-gürrüňe ýer ýok, diňe bileje batylan batgada öňe we diňe öňe diýäýmek galýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024