Pidalaryň pidasy bolsaň
Adam aýtdy:
"Şeýle bolýar: günleriň birinde öz halkyny uzak wagt basgylan hökümet resmileri öz döreden basgylaýjy hökümetiniň aşagyna düşýär, erbet basgylanýar, olaryň yzynda galan maşgala agzalary hem entedilýär. Olara edilen we edilýän haksyzlyklar barada her dürli habarlar çykýar, käsiniň jesedi berilýär. Sen, olaryň öňki pidasy, indi olaryň ornuna gelen geljekki pidalaryň pidasy, pida boldular diýip, olara gynanmaly. Sebäbi, adam bolsaň, kimem bolsa, adama edilýän haksyzlyga begenip bilmeýärisň. Emma özüňe haksyzlyk edenlere edilýän haksyzlyga gynanmak hem aňsat däl. Üstesine, olaryň ornuna gelen indiki pidalar seni basgylap, özüňden başga pida eliň ýeter ýaly hem edenok."