Surat

Gazetde bildirilmedik gynanç

Adam aýtdy:

"Ýene bir zehinli türkmen topraga berildi, köp adam eşitmän galdy, sebäbi döwlet eýeçilgindäki metbugatda ömrüni saza bagyşlan ussada iki setirlik gynanç üçin hem ýer tapylamdy. Özüň bilýänsiň, ol ýerde zoraýakdan zehinli boljak bolýanlardan başga orun ýok. Gynandym. Belki-de ýakyndan tananym üçindir, bu meniň oňa birinji gezek gynanyşym däldi. Birinji gezek jaýynda başga bir erkek bilen dyzlaşyp oturan aýalynyň üstünden gelip, birsellem öýsüz galanda gynandym. Şonda oňa ýazyjylaryň Pöwrizedäki daçasyndan bir otag berip, özümi köşeşdiripdim. ’Pianinamy hem getirip bolmazmyka?’ diýdi, oňa-da kömek etdim. Ýöne soň jaý alyp göçende, kärdeşlerimiň biri onuň ’soň äkiderin’ diýip goýan pianinasyny satypdyr. ’Kime satan bolsaňyz aýdyň, iki esse bahasyny bereýin, onuň klawişlerinde ýoldaşlarymyň ählisiniň, Nury Halmämmediň hem eliniň yzy bar’ diýip ýalbardy, emma netije bolmady. Gaty gynandym, emma elimden gelen zat bolmady. Soň ol rektorlykdan aýrylanda gynandym. ’Daşary ýurtly myhmanlar gelende hyzmat eder ýaly ýörite kurslarda okatjak, daşary ýurt dillerini öwretjek, okuwyň gapdalyndan esli pul gazanarlar’ diýip, ýokary okuw jaýlaryndan owadan gyzlary saýlap alýan ’sawçylar’ topary bardy. Soň ol gyzlaryň iň ýokarky başlyklaryň ýorganyna salynýandygy barada ’hyşy-wyşy’ edilýärdi. Käte wise-premýerleriň haremhanasy, gyzlaryň käbiriniň haýsy ministre düşseň ’gowudygy’, kimiň jomartdygy barada edýän gürrüňleri hem syzyp çykýardy. Şol günleriň birinde ol deň-duş dostlaryna ’gyzlaryňyzy ýörite kurslara goýbermäň, hiç hili okuw ýok, olary başga işde ulanýar’ diýip duýdurypdyr. Şondan soň ol rektorlygyndan boşadydy. Sebäbi ynanyp içini adýan dostlary ’gyzlarymyzyň ösmegine göriplik edip, ýaramaz gürrüň ýaýradýar’ diýip, iň ýokarka arza ýazypdyrlar. Belki-de indi oňa gynanmak gerek däldir, ýöne ýokardan halymyzy görüp, indi onuň özi bize gynanyp ýörmese ýagşy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024