Surat

Uzak ýol

Ejem düýşüme girdi. Tejen, ýagyşdan soň, ýoluň gyrasyndaky jaýlaryň biriniň köçe tarapy tutuşlygyna açyk, içerde kiçi inim, pejiň bäri gapdalynda aýagy palçyga batan aýakgaply  keserip ýatan çagalar görünýär, ejem pejiň aňry tarapynda otyr. Men geçip barşyma ejeme salam berýärin. Ol: "Çaýyňy içdiňmi, oglum?" diýip soraýar. Ýoldan ýöräp barşyma säginmän: "Içdim, eje, häzir geljek" diýýärin. Şu ýerde oýanypdyryn. Irden düýşümi Baýramgüle gürrüň berdim. “Kelläm agyrýar, uzak gün çaý içmändirin” diýip, düýn giçlik çaý demlendiň-dä, şony alada edendir, pahyr" diýdi. Irden işe gidip barýarkam, gyzyl çyrada birsellem säginemde, ýene gören düýşüm, ýagyşdan soň şor palçyga çümüp ýatan garyp Tejen, agtyklarynyň arasynda egnini gysyp oturan naçar enem göz öňüme geldi... Düwmä basdym. Maşyn bagşy aýdymy düýn, öýe baramda goýan ýerinden alyp göterdi: ’Girdapdan çykmagym gümana, umman derýa, amman-amman...’ . Çala açyk aýnalary ýapyp, sary çyra ýanan badyna ýolumy dowam etdirdim.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024