Il kim üçin beýik
Adam aýtdy:
"Il beýik" diýýärler. Sebäbi ölseň, kimdigiňe bakman, ýuwup-ardyp, tabydyňy egnine göterip, jaýlaýar, seniň bilen deň bolmaýar, günäň bolsa - geçýär, ’gowy adamdy’ diýip, topragyň öňünde saňa kepil bolýar. Bu dogrudanam beýiklik, ýöne iliň ganyny içip, namysyny depeläp gezenler üçin beýiklik, ’ilim-günüm’ diýip başyny goýanlar üçin däl. ’Il-günüm’ diýip türmä düşseň, ýurduňdan gaçgak bolsaň, yzyňda galan garry ene-ataň ýanyna gelip, dostsurap ýa jorasyrap, ’ondan geç, ol sizden geçdi’ diýýän-de, ’ol pylanmyş-pismidanmyş’ diýip, ýürek agyrtjak başga gep tapýan-da, ýürek bulaýan-da bolar. Goý, beýle ’dostlar’ bir ýa iki bolsun, käte bütin ili peseltmäge ýeter."