Kemine ýalan sözläpdir

Adam aýtdy:

"Rewolýusiýadan öň ýaşap geçen şahyrlarymyza ynanýardym. Keminäni has-da gowy görýärdim. Bize mekdepde öwretmeklerine görä, olam biz ýaly garyp bolupdyr. ’Iýmesem, içmesem, hiç günüm ötmez, bürenip ýatmaga mydarym ýetmez, Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez, Goş basyp dulumda ýatar garyplyk’ diýip ýazypdyr. Öň bu setirlere jinnek ýaly-da ýalan bardyr öýtmezdim. Emma indi pikir edýärin welin, Kemine-de ýalançy eken. Adamyň iýip-içmese-de günleri, hepde-aýlary geçýär. Aýlary hem däl, ýyllary, onýyllyklary-da geçýär. Özem adam aç boldugyça şadyýan, bagtyýar we berkarar bolýar. Kemine aga biderejik ynanyp ýören ekenim, haýp."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024