Erdoganyň edermenligi

Adam aýtdy:

"1999-njy ýylyň tomsunda çagalarym bilen Norwegiýadan Türkiýä, Ortaýer deňziniň kenarynda dynç almaga gitdim. Gijäniň ýarynda aeroportdan awtobusly deňziň kenaryna, boljak myhmanhanamyza barýarkak ýolda säginip, bir dükandan suw aldyk. Dükançy iki çüýşe suw üçin uzadan norweg kronymy alyp, bir petde türk lirasyny gaýtargy berdi. Geň galmakdan gözümiň tegelenini görübem, ernini bir gulaç edip ýylgyrdy-da: ’Sen şu günden türk millioneri bolduň arkadaş, hoş geldiň türk millionerligine!’ diýdi. Dogrudanam, elime berlen türk liralaryndan çen tutsaň, men Norwegiýadaky syýasy bosgundan türk millionerine öwrülipdim... Ondan bäri kän ýyl geçdi. Aralykda türk doganlarym biraz garyp düşdi, millionerleri azaldy. Emma Erdogan olary ýene köpçülikleýin millioner etjek öýdýän."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024