Surat

Geň pidakärlik

Adam aýtdy:

"Uýam zehinlijedi, emma garyp bolamyzsoň, mekdebi gutaranda ýokary okuw jaýyna salyp bilmedik. Ýöne ol obamyzdan ýokary okuwda okan oglana durmuşa çykdy. ’Gowumy?’ diýsek, ’gowy’ diýerdi. Soň bir gün aýalymyň ýanynda zeýrenipdir, ’eşiklerini ýuwup, ütükläp, gül ýaly geýindirip goýberýän, arman toý bolsa, palçyga bulaşyp geläýýär’ diýipdir. ’Obada toý bolsa ýaýdanýan, sebäbi her toýdan soň gapymda ’gelneje, agamy getirdik’ diýip, iki sany oglan goltugyna girip durandyr’ diýip aglapdyr, naçar doganjygym.

Şondan soň tanyş görüp, uýamy uniwersitete saldym, okap mygallym boldy, çagalaryny arakhor atanyň horlugyna goýman ulaltdy. Ýöne şodur-şol, çenini bilmän içýän, toý-märekede ýa köçede göz-gülban bolup ýören erkek görsem, myrryhym atlanýar. Parkda balagyna buşugyp oturan intelligenti ýa köçede taksi tutjak bolup, ýele yraň atyp duran ’jalaýy’ görsem, öz aýal doganymyň her gezek adamsy serhoş bolanda çeken ruhy azaby ýadyma düşýär. Emma ’Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň agzynda gögerer’ diýleni. Duldegşir goňşym ýazyjysumak, bar gep-gürrüňi içgi, bile keýp çeken dostlary. Çala içgili wagty duşsaň, aňsat goýberenok. Özem bolup ýörüşlerine edermenlikdir öýdýär. Düýn bir ýogalan dostunyň gürrüňini berdi, ’içse öýüne eltip bilmezdik, aýaly betdi, adamsyny göterip barsak, ýüzümizi alardy’ diýýär. Onsoň ony serhoş bolanda kiçi inisiniň öýüne eltýän ekenler. Sebäbi onuň aýaly gowumyş. ’Wah, pylany pylanyýewiç artygrak içäýipdirmi?’ diýip, körpe gelin derrew wannany taýýarlap, adamsyny gyssap, gaýyn agasyny ýuwundyrmaga kömekleşip, serhorşlukdan biraz açmak, düşek salyp ýatyrmak bilen bolarmyş. Men, öz uýamyň başyndan geçensoň, o şahyryň ’bet’ diýilýän aýalynyň ýagdaýyna-da, ’gowy’ diýilýän körpe gelniň ýagdaýyna-da gowy düşünýärin. Emma çenini bilmän içýän we soň serhoşlugy bilen öwünýän ýazyjy-şahyrlaryň edermenligine ýa durmuş pelsepesine hiç düşünip bilemok. Bu pelsepe meniň manyly ömrümde tas bir medeniýete öwrüldi. Adamlar toý-beýleki etse, bergi-borja batybam bolsa, arakhorlaryň göwnüni tapjak bolýardy. Munuň üçin onlarça çelek arak almalydy. Ýagny, toý etmek üçin ilki galyň geçirip, gudalaryňy razy etmelidi, soň arak alyp - arakhorlary. Sebäbi arakhorlar arakdan doýurmadygy-da, onuň täze edinen gelnini-de bagyşlap bilmeýärdi, ’pylanyň to’ ýa ’pylanyň gelin edinişi ýaly’ diýip, beýleki toýlarda içenlerinde, ýaňsylan bolup gürrüň edýärdiler. Sada adamlar arakhorlaryň gep-gürrüňine galmajak bolup, ’ýamandan boýlaryny satyn alýardylar’. Toý edeni goýaly täze köwüş ýa köýnek, hatda sagatbagy alnany hem, ’ýuw’ diýip, arak almaga mejbur ederdiler. Bir topar adam üçin "üçleşmek", ýagny bir manady bolan üçünji adamy hem tapmak tas durmuşyň iň bagtly pursatlarynyň birine öwrülipdi. Indi seretseň, dogrusy, gülkünç, jemgyýetde adam mertebesi onuň arakhorlaryň göwnüni tapyp bilşi bilen ölçelýärdi. Indi edil beýle däl, arak medeniýeti yza çekilýär. Emma onuň ýerine başga bir medeniýet - açgöz mollalar medeniýeti güýçlenýär. Elbetde, bu medeniýetiň nökerleriniň arasynda hem arak medeniýeti döwründe beýnisi bekän, şindem öýüne baryp, bukulyp içýän hudaýhonlar bar. Emma mesele munda däl, biziň mydama ýa arakhoryň, ýa parahoruň, ýa ýene bir horuň pidasy bolýandygymyzda..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024