Duz atyp içseň...
Adam aýtdy:
"Ýadymda, ilki oba dükanynyň bir çüňkündäki kitap tekjesinde o ýazyjynyň "Leninnama" atly kitabynyň durandygyny gördüm. Elbetde, obada beýle kitaba kän hyrydar ýokdy. Soň dükanymyza onuň "Men size barýan" atly galyň kitaby geldi. Men ol kitaby elime alyp, içindäki goşgulara göz gezdirip durkam, bir obadaşym gelip, ýanymda sägindi-de, ’Bize-hä gelmänjik geçersiň’ diýip, gaharly hüňürdedi. Men ondan näme üçin beýle diýenini soradym. Ol güldi-de: ’Olar bolşewige ýaranjak bolup, kim-kimleri garalamady, eli ganly kommunistlerden bolsa gahryman ýasadylar - diýdi. - Şuny bilibem men olaryň kitabyny alyp, öýümde goýmalymy?’ Men elimdäki kitaby alan ýerimde goýdum. Soň ykbal dartyp, özümem kitap ýazdym, halypalyga ýeten ýazyjylaryň birnäçesi bilen gatnaşyp, duz-emek boldum. Olar indi kommunist däldiler, Eýranda namaz okamak türgenleşigine gatnaşyp, prezidentiň tassyklan sanawy esasynda döwlet uçarynda Mekge-Medinä gidip, ilkinjileriň hatarynda hajy bolupdylar. Emma olaryň ikiýüzlüligi saklanyp galdy. Köp adamly toýlarda ýa oturylyşyklarda alkogolly içgilerden saklansalar-da, azrak bolup oturylanda ýüzlerine soragly seretseň, ’duz at-da getiräý, şeýtesň halal bolýar’ diýýärdiler."